О нас

ESASY GYMMATLYKLARYMYZ:

Üns merkezimizi müşderilerde jemlemek — biz uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gurýarys.
Bize bildirilen ynam — ýokary standartlylygymyzyň we birek-birege şeýle hem müşderilerimize bolan hormatymyzyň netijesidir.
Açyk aragatnaşyk.
Dowamly kämilleşmegiň gözlegi.
Hünär ussatlygymyz — ýokary öndürijiligi yzygiderli üpjün edýäris.

BIZIŇ MAKSADYMYZ:

Türkmenistanyň gurluşyk senagatyny ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edýän öňdebaryjy üpjün ediji bolup tanalmak.

Zemmer hojalyk jemgyýeti 2006-njy ýylda Aşgabatda esaslandyryldy. Kompaniýa daşary ýurtly kompaniýalaryň wekiliçiligini alyp barmak bilen gurluşyk materiallary pudagynda önümçilik işi bilen hem meşgullanýar. Hojalyk jemgyýetimiziň Aşgabat şäherinde ýerleşýär we Türkmenistanyň beýleki welaýatlarda hem söwda nokatlary bardyr.

“Zemmer” HJ şu görkezilen öňdebaryjy söwda markalary bilen hereket edýär:

Hilti (Lihtenşteýn)

Leica Geosystems (Şweýsariýa)

Sere(“Zemmer” hojalyk jemgyýetiniň öz haryt nyşany)

Degre(Mary welaýaty)

HILTI Korporasiýasy, Lihtenşteýn Şazadalygynda esaslandyrylan, we 60 ýyldan bäri gurluşyk pudagyndaky we binalary abatlaýyş bejeriş işlerindäki hünärmenler üçin dünýäde öňdebaryjy, güýçli we öndürijilikli, ýokary hilli enjamlar we önümler öndürýär we hödürleýär. Herwagt müşderileriniň ýanynda bolmagy, tanyşdyryş seminarlaryň geçirilmegi we hemişe täzelikleri girizip durmagy netijesinde gazanylan ýokary hil, innowasiýa we ulanyş “Know-How”-y “HILTI” nyşanynyň güjidir.

Sere“Zemmer” hojalyk jemgyýeti 2007-nji ýyldan bäri kafel ýelimlerini öndürýär. Sement esasly bu önümler kafel we keramikalar ýelimlenen wagtynda ýokary öndürijilik, berklik we standart hil gazandyrýar. “Sere” haryt nyşany bilen 3 görnüş kafel ýelimleri we bir görnüş kafelleriň arasyndaky boşluklary dolduryjy ergin öndürilýär. Köp ýyllyk tejribämiz we müşderilerimiziň harydymyza bolan ynamy biziň iň uly gymmatlygymyzdyr.

Degre hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri suw esasly boýaglary öndürip gelýär. Hojalyk jengyýeti önümçilik üçin Mary ertrabynyň “Altyn Asyr” daýhan birleşiginde ýerleşýän üsti ýapyk bassyrmany kärende esasynda ulanyp gelýär. Aşakda bassymanyň kärendesine alynmazdan öňki we häzirki ýagdaýlaryny häsýetlendirýän şekiller görkezilýär.

HILTI Korporasiýasynyň önümleri:

LEICA Geosystems  hojalyk jemgyýetiniň önümleri:

Sere  hojalyk jemgyýetiniň önümleri:

Degre hojalyk jemgyýetiniň önümleri: